Awgust soňky hepde: TDHÇMB-da nebit-himiýa, dokma önümlerine uly isleg bildirildi

TDH
Awgust soňky hepde: TDHÇMB-da nebit-himiýa, dokma önümlerine uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümini, şeýle hem Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, nah ýüplük we dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 364 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar.

 

Çeşme: TDH

2022