2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Seulda "Daewoo E&C" baş müdiri Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.
Türkmen wekiliýetiniň arasynda Daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň başlygy R.Jepbarow we Türkmenistanyň Günorta Koreýadaky ilçisi B.Durdiýew bar.
Duşuşygyň dowamynda "Daewoo E&C" baş müdiri Bek Jung-Wan Türkmenistanda dökün öndürmegiň iki taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirdi. Kompaniýanyň täze şäherleri we beýik binalary gurmakdaky üstünlikli tejribesi barada aýdyp, kompaniýanyň Türkmenistanda ýokary hilli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligine ünsi çekdi.
Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň başlygy D.Orazow “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine oňyn baha berdi we mundan beýläkde hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy. “Daewoo E&C”, üstünlikli bütindünýä taslamalaryň baý taryhy bolan Günorta Koreýanyň gurluşyk we in inženerçilik kompaniýasydyr. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda bu kompaniýa Türkmenistanda barlygyny güýçlendirmek üçin Aşgabatda şahamça açdy.
Çeşme: THP