“Argus” kompaniýasy 18-20-nji sentýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “Argus Fertilizer Caspian, Black Sea and Eastern European Markets” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar. Konferensiýa Hazar deňiz we Gara deňiz sebitlerinden dökünleriň eksportyny kesgitleýän önümlere, mukdarlara we eltip bermek usullaryna gönükdiriler. Gatnaşyjylar bahalaryň üýtgemegini, ulag meselelerini, şeýle hem logistika we bahalara täsirini ýetirýän eksport we üstaşyr çäklendirmeleriniň güýçlenmegini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu ýyl 45 ýurtdan we 200-den gowrak kompaniýadan 400-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy.
Konferensiýa mazmuna baý bolan maksatnamany hödürlär we oňa pudagyň öňdebaryjy bilermenleri gatnaşarlar, şol sanda:
- Burak Kalkawan, baş direktor, “Phosvita”
- Alekseý Çigin, işewürligi ösdürmek boýunça menejer, auditor, “CerTrust”
- Tiberiu Sabo, Ýewropada dökünler boýunça baş söwdagär, “Aditya Birla Global Trading” (Awstriýa)
- Dewid T. Bige, CBO, direktorlar geňeşiniň agzasy, "Azotmuwek" – Bige holding topary
- Burak Akçaý, satuw we marketing boýunça direktor, “Valour Fertilizer”
- Misael Maçado, eksport satuwlary boýunça direktor, “GoudenKorrel”
- Mariýa Bezzubowa, esaslandyryjy, TRUAGRO
- Hamed Horam, baş direktor, “Armaiti Group”
- Wladan Popowiç, işewürligi, dökünleri ösdürmek, Ýewropa, ETG AGRI INPUTS
- Ramandip Singh, baş direktor, “Fergana Azot”, Indorama
- Stepan Ýaşin, strategiýa boýunça direktor, “Eurochem Group”
- Aleksis Ellender, gurak dökünler boýunça öňdebaryjy analitik, “Kpler”
- Lewent Karaselik, esaslandyryjy, “Marvel Group”
- Maks Şimçenko, esaslandyryjy we baş direktor, “MaxMarine Consulting”
- Mihail Lukaşeviç, baş direktor, “InterproofLog” we beýlekiler.
Konferensiýanyň maksatnamasy möhüm işewürlik aragatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berjek resmi we resmi bolmadyk networing mümkinçiliklerini, şol sanda üç sany kabul edişligi öz içine alýar. Konferensiýa gatnaşmak üçin öňünden registrasiýa ediň.
Çeşme: Argus Media