Türkmenistan-Gazagystan: Gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekildi

“Nebit-gaz” elektron gazeti
Türkmenistan-Gazagystan: Gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekildi
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Bu resminama 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny we bilelikdäki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki tagallalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykaryp biljekdiklerine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: “Nebit-gaz” elektron gazeti

2022