Türki döwletleriň umumy elipbiýi tassyklanyldy

BT
Türki döwletleriň umumy elipbiýi tassyklanyldy
Türki döwletleriň guramasy tarapyndan esaslandyrylan Türki dünýäniň ýeke-täk elipbiýini döretmek baradaky toparyň 3-nji mejlisi, Baku, Azerbaýjan

Azerbaýjanyň Baku şäherinde Türki döwletleriň guramasy tarapyndan esaslandyrylan Türki dünýäniň ýeke-täk elipbiýini döretmek baradaky toparyň 3-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda latyn elipbiýine esaslanýan 34 harpdan ybarat umumytürki elipbiý barada ylalaşyk gazanyldy.

“Bu ugurda bilim we tejribe alyşmak arkaly iş alyp baran toparyň iki ýyllyk tejribesine esaslanyp, türki diller üçin umumy elipbiýiň taslamasynyň üstünde işlemek tamamlandy” diýip, gurama habar berýär.

Mejlisde alymlar tarapyndan 1991-nji ýylda teklip edilen latyn elipbiýine esaslanýan umumytürki elipbiýiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde 34 harpdan ybarat umumytürki elipbiýi barada umumy ylalaşyk gazanyldy. Elipbiýiň her harpynyň türki dillerde bar bolan dürli fonemalary görkezýändigine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, umumytürki elipbiýiň döredilmegi diňe bir türk halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, bu halklaryň dilleriniň goralmagyna hem goşant goşar.

Ýeri gelende bellesek, elipbiýiň harplarynyň aglabasy türkmen elipbiýindäki harplardan ybaratdyr.

 

Çeşme: “Türkmendemirýollary” agentligi

2022
ENG TM РУС