“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si we seýilgäh açylar

TDH
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si we seýilgäh açylar
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýyň açylyş dabarasyndan bir pursat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: TDH

2022