“Ussa Tirkeş” Lebap welaýatynda täze mekdebiň gurluşygyny alyp barar

TDH
“Ussa Tirkeş” Lebap welaýatynda täze mekdebiň gurluşygyny alyp barar
Köýtendag etrabyň Burguçy geňeşliginde 61-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy, Lebap welaýaty, Türkmenistan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen umumybilim berýän mekdep üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, olaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022