“Rysgally nesip” LED elektrik çyralarynyň önümçiligine başlady

BT
“Rysgally nesip” LED elektrik çyralarynyň önümçiligine başlady
"Rysgally nesip" hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat (Surat: “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan hususy hojalyk düzümleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de medeni-durmuş ulgamlaryny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Zähmetsöýer telekeçiler asylly maksatlara gönükdirilen düýpli maýa goýum serişdelerini özleşdirmekde döwletimiz tarapyndan berilýän uly ýeňilliklerden, döredilen oňyn şertlerdir mümkinçiliklerden ruhlanyp, giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna kybap zähmet çekýän şeýle kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki “Rysgally nesip” hojalyk jemgyýetidir. Senagat zolagynda ýerleşýän bu hojalyk jemgyýeti golaýda öz önümhanasynda LED elektrik çyralaryny öndürip başlady. "Çyrag" ady bilen öndürilýän bu elektrik çyralary hil we howpsuzlyk babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply önümleriň ýokary hil derejesini şertlendirýär.

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti Türkiýäniň kompaniýasy bilen baglanyşylan şertnama esasynda tutumly işleri alyp barýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar, kämil tilsimatlar bilen üpjün edilen kärhanada sarp edijileriň arasynda uly isleglerden peýdalanýan geçginli önümleriň uly tapgyry çykarylýar. Şeýle-de döwrebap önümhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 400 müňe barabar elektrik çyralaryny öndürmäge niýetlenendir. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde 6 wattdan 50 watta çenli ýagtylyk güýji bolan LED elektrik çyralary öndürilýär.

Şu mahal kärhanada işçilerdir hünärmenleriň 40-dan gowragy zähmet çekýär. Ýerli hünärmenleriň degişli ugurlar boýunça daşary ýurtlarda okap, iş tejribelerini geçip gelendiklerem aýratyn bellärliklidir.

Kärhanada häzir ýurdumyzyň çar künjegindäki etrap-şäherlerine, oba- şäherçelerine bezeg berýän binalardyr desgalary, köçeleri, şaýollary nurlandyrýan LED elektrik çyralarynyň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Ýakyn geljekde hem “Rysgally nesip” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri sarp edijileriň barha artjak isleglerine baglylykda önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmagy, önümçiligiň gerimini hasam giňeltmegi maksat edinýärler.

 

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022