Türkmenistanda Hytaýyň ýokary kysymly “Voyah” brendiniň ilkinji awtosalony açyldy

BT
Türkmenistanda Hytaýyň ýokary kysymly “Voyah” brendiniň ilkinji awtosalony açyldy
Hytaýyň ýokary kysymly “Voyah” brendiniň Hytaýdaky awtosalony (Surat: team-bhp.com)

Türkmen awtoulag bazarynda täze ýokary kysymly brend peýda boldy. Aşgabatda Hytaýyň ýokary kysymly “Voyah” brendiniň ilkinji awtosalonynyň açylyş dabarasy we “Voyah Free” gibrid krossoweriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu waka biziň ýurdumyzda ýeňil awtoulaglaryň ýokary kysymly görnüşleriniň ösüş taryhynda täze sahypany açýar.

“Voyah” brendiniň ady latyn dilindäki “Voyage” (syýahat) sözünden emele gelip, ol kompaniýanyň öz müşderilerini ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň dünýäsine çykarmak isleýändigini alamatlandyrýar. Bu brend durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezýän ESG (daşky gurşaw, sosial we korporatiw dolandyryş) konsepsiýasyna esaslanýar.

“Voyah Free” öňdebaryjy krossoweri awtomobil gurluşygyna ýokary derejedäki çemeleşmä ýykgyn edilýändigini beýan edýär. Onuň dizaýny Ýewropada ady belli ItalDesign Giugiaro kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlandy, bu modeliň ýokary derejesini tassyklaýar. «Free» ady bolsa bu awtoulagyň eýesiniň erkinlige hem garaşsyzlyga eýe boljakdygynyň manysy alamatlandyrýar.

“Voyah Free” krossoweri ýokary derejeli howpsuzlyk we ygtybarlylygy üpjün edýän “Dongfeng Electric Smart Secure Architecture” (ESSA) platformasynda gurulandyr. Awtoulag sürüjilere kömek etjek öňdebaryjy ulgamlar we iň döwrebap işjeň we işjeň däl howpsuzlyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

“Voyah Free” ulagda oturjak adamlaryň rahatlygyny öz konsepsiýasynda aýratyn möhüm zat hökmünde görýär. Awtoulagyň içerki interýeri köp sanly funksiýalary we amatlyklary hödürleýär: onda endamy owkalama, ýyladyş we sowadyş funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan giň göwrümli oturgyçlar, howanyň gözegçiliginiň innowasion ulgamlary, şeýle hem dürli formatlara laýyk gelýän we dürli funksiýalara eýe bolan häzirki zaman multimediýa ulgamlary bar. Awtoulag ösen ses geçirmezlik tehnologiýalary bilen hem enjamlaşdyrylandyr, ol ulagyň hereket edýän tizligine ýa-da ýoluň örtüginiň hiline garamazdan, ulagyň içinde asuda we rahat gurşawy üpjün edýär.
“Voyah Free” awtoulagynyň ýokary öndürijiligi, şeýle hem aşa tygşytlylygy özünde jemleýän gibrid görnüşindäki güýçli hereketlendirijisi bolup, ol her bir syýahaty howpsuz, rahat hem diýseň amatly edýär. Gibrid hereketlendirijiniň ýokary energiýa netijeliligi ýangyjyň sarp edilişini ep-esli azaldýar, bu bolsa öz gezeginde ulagyň umumy bahasyna oňyn täsir edýär, onuň uzak döwrüň dowamyndaky ulanylyşynda hem tygşytly işlemegini üpjün edýär.

“Voyah” brendiniň Türkmenistanda peýda bolmagy we “Voyah Free” awtoulagy bilen tanyşdyrylmagy ýerli awtoulag sürüjilerine ýokary howpsuzlyk we rahatlyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýokary hilli awtoulaglara elýeterliligi üpjün edip, ýurduň awtoulag pudagynda ýokary derejedäki täze standarty emele getirýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

2022