Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi

BT
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy, 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Aşgabat.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirildi.

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurduň çäginde ýaşaýan 29 milletden bolan 1146 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

 

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge we olaryň abadan durmuşy üçin şertleri döretmäge berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Häzirki wagta çenli 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, 5152 adam daşary ýurt raýaty we raýatlygy bolmadyk adam Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022