Çehiýanyň işewürlik wekiliýeti şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana geler

BT
Çehiýanyň işewürlik wekiliýeti şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Çehiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabry, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Çehiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylyň oktýabrynda Çehiýa Respublikasynyň işewürlik wekiliýetiniň Aşgabada boljak saparynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Meredow we Lipawski iki ýurduň ministrlikleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany we Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunda Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasarynyň 2025-nji ýylda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän saparynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Söwda-ykdysady meseleleri maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini nygtadylar. Şeýle hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde iş alyp barjak ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek hakynda ylalaşyldy.

2022