Astrahan Türkmenistanyň logistika merkezi üçin 20 gektar ýer bölüp berdi

BT
Astrahan Türkmenistanyň logistika merkezi üçin 20 gektar ýer bölüp berdi
Astrahan, Russiýa (Surat: morvesti.ru)

Astrahan oblastynyň Hökümeti “Lotos” aýratyn ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary we Hökümetiniň başlygy Denis Afanasýew mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Afanasýew degişli ýer böleginiň Türkmenistanyň söwda-logistika merkezi üçin uzak wagtdan bäri saklanylýandygyny, Hökümetiň bu taslamany goldamagy dowam etmäge meýillidigini aýtdy. Mundan başga-da, şuňa meňzeş şertleri Eýran Yslam Respublikasyna teklip etmek meýilleşdirilýär.

Afanasýew “Biziň Eýran bilen hem uly möçberdäki daşary ykdysady işlerimiz bar” diýip, sözüniň üstüne goşdy. Ol Aşgabada bolan iş saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geljekki taslamany jikme-jik ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi.

Logistika merkezini döretmek hakynda ylalaşyga 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde “Lotos” aýratyn ykdysady zolagynyň baş direktory Sergeý Miluşkin bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň” baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Merdan Bäşimowyň arasynda gol çekildi.

Geçen ýylyň iýun aýynda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Astrahanyň gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalarynyň Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda gämi gatnaw ugrunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýardygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022