Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň penşenbe güni Gruziýanyň Parlamentiniň medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Eliso Bolkwadze bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda medeni hymzatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini, netijeli dialogy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm gural hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ornuny bellediler.
Ikitaraplaýyn Gün tertibinde esasy orun eýeleýän medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn üns çekildi. Pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlament wekiliýetleriniň şu ýylyň aprelinde bolan saparlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Ilçi şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde geçirilen çäreler barada hem gürrüň berdi.
Eliso Bolkwadze geljekki hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdyp, şunuň ýaly başlangyçlaryň türkmen medeniýetini we sungatyny wagyz etmäge hem-de iki ýurduň halklarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen diplomaty türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilişi barada gürrüň berdi.