ABŞ-da Kent uniwersitetiniň Türkmenistandaky şahamçasyny açmak meseleleri maslahatlaşyldy

BT
ABŞ-da Kent uniwersitetiniň Türkmenistandaky şahamçasyny açmak meseleleri maslahatlaşyldy

Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti çarşenbe güni Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen duşuşyk geçirdi. Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Munuň üçin türkmen tarapy Ýol kartasynyň taslamasyny eýýäm taýýarlady.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda üç resminama ýagny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk insituty bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar bilim maksatnamalaryny giňeltmäge, bilelikdäki ylmy başlangyçlary döretmäge we medeni alyş-çalşy ösdürmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler boýunça pikir alyşdylar. Ýurtlarymyzyň arasynda medeni we bilim gatnaşyklary berkitmek üçin taslamalaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtap, Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmak strategiýasynyň möhüm bölegi boljakdygyny belledi.

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni ABŞ-nyň Waşington şäherinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda synaglary standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda TOEFL, GRE hem-de “Praxis” ýaly standart synag ulgamlary maslahatlaşyldy.

2022