Aşgabatda iki sany lukmançylyk merkezi açyldy

BT
Aşgabatda iki sany lukmançylyk merkezi açyldy
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.

Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary welaýatynda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalarynyň açylyşlary hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyldy.

Täze desgalaryň açylmagy hemişe döwrebaplaşdyrylyp durulýan milli saglygy goraýyş ulgamyna Türkmenistanda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny goramak Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

2022