Türkmen wekiliýeti Seulda GGGI duşuşygyna gatnaşdy

BT
Türkmen wekiliýeti Seulda GGGI duşuşygyna gatnaşdy
Seulda Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutynyň (GGGI) ministrler duşuşygy, 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Seul, Günorta Koreýa

Türkmenistanyň daşky gurşaw goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşow çarşenbe güni Seul şäherinde Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutynyň (GGGI) ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Onda “ýaşyl” ösüşiň we Pariž ylalaşygyň wezipelerini ýerine ýetirmegiň meseleleri hem-de “NetZero” maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. 

Ministriň orunbasary ekologiýa deňagramlylygyny goldamak, senagat kärhanalarynyň tebigata ýetirýän täsirini peseltmek we arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň görýän çäreleri barada gürrüň berdi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyna we Ählumumy metan borçanamasyna ygrarlydygyny nygtady. 

N.Jumaşow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegiň meýilnamalaryna aýratyn ünsi çekdi. 

Türkmen wekiliýetiniň şeýle hem Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutynyň başlygy Pan Gi Mun ikiçäk duşuşygy boldy. Pan Gi Mun BMG-niň “ýaşyl” başlangyçlaryny goldamakda Türkmenistanyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşandyny belledi. Duşuşygyň dowamynda taraplar “ýaşyl” tehnologiýalar we tokaýlardan durnukly peýdalanmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

2022