Türkmen alymlary gidrofob kerpiçleri öndürmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarladylar

BT
Türkmen alymlary gidrofob kerpiçleri öndürmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarladylar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary barlaglary geçirýärler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gidrofob kerpiçleri öndürýän innowasion tehnologiýany işläp taýýarladylar. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

Suw geçirmeýän bu kerpiçler suw howdanlarynyň ýanynda, ýokary çyglylyk şertlerinde hem-de ýerasty suwlaryň täsirinden zyýan ýetip biljek ýerlerde binýatlaryň we ýerasty gatlaryň gurluşygy üçin netijeli çözgütdir. 

Türkmen alymlary energetika pudagynyň, sement önümçiliginiň, keramiki bölekleriň galyndylaryndan peýdalanyp, iň az serişde talap edýän tehnologiýany işläp taýýarladylar. Çig malyň 85 – 92 göterimi önümçilik galyndylaryndan ybaratdyr. 

Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy onda ýakma usulynyň ulanylmaýanlygydyr. Munuň özi ýangyjy tygşytlap, daşky gurşawyň hapalanmagyny azaldýar. Önüm kerpijiň döwülmegine getirip bilýän boş öýjükleri aradan aýyrmaga ýardam edýän ýokary basyş usuly arkaly döredilýär. 

Taýýar kerpiç suw geçirmeýänligi, ýokary berkligi we daşamak üçin amatly edýän ýeňil agramy bilen tapawutlanýar. Bu gurluşyk serişdesiniň täjirçilik maksatlary üçin uly geljegi bar. Onuň önümçiligi üçin Türkmenistan zerur serişdelere eýelik edýär. 

Ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary hil derejeleri bilen häsiýetlenýän kerpiçleri ýowuz gurşawly howa şertlerde, şeýle hem çygly ýerlerde hem ulanyp bolýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022