Türkmenistan Aziýanyň suwuklandyrylan gaz bazarynda möhüm orun eýeläp biler

BT
Türkmenistan Aziýanyň suwuklandyrylan gaz bazarynda möhüm orun eýeläp biler
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy halkara maslahaty (OGT-2024), 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aziýa ýurtlarynda suwuklandyrylan tebigy gaza bolan isleg barha artýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýelik edýän Türkmenistanyň bu pudakda möhüm orun eýelemegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu barada Hytaýyň “Geo Jade Huineng” energetika konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Konan Daý çarşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatyndaky çykyşynda mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, suwuklandyrylan tebigy gazyň bitewi bazarynyň emele getirilmegi ony eksport ediji we sarp ediji ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar. Bu Türkmenistana diňe bir eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga däl, eýsem, infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak üçin maýalary çekmäge hem mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Döwlet düzümleriniň, hususy kompaniýalaryň we halkara guramalaryň bilelikdäki tagallalary tebigy gazyň bahalaryny peseltmäge, bäsdeşligi ýokarlandyrmaga we energetika howpsuzlygyny berkitmäge ýardam eder. 

“Brownstein Hyatt Farber Schreck LLP” kompaniýasynyň syýasy işler boýunça direktory Samanta Karl-Ýoder Türkmenistanyň alternatiw energetika serişdelerine bolan islegiň barha artýan Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini öwrenip biler. Strategik taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we energetika pudagyna täze maýalary çekmek üçin amatly mümkinçilikleri bar. 

Halkara kompaniýalar bilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň diňe bir ykdysady ösüşini şertlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň energetika bazarynda ornuny berkitmek bilen dunukly ösüşiň we täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder. 

“OGT 2024” maslahaty 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam eder. Çäräniň maksatnamasy energetika geçişi, eksport ugurlaryny ösdürmek we uglewodorodlary gazyp almagyň ekologiýa ugurlary ýaly dünýäniň nebitgaz pudagynyň möhüm meselelerini içine alýan giň mazmunly mejlisleri özünde jemleýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022