“Türkmenhimiýa” we “Hyundai Engineering” önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagy maslahatlaşdylar

BT
“Türkmenhimiýa” we “Hyundai Engineering” önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagy maslahatlaşdylar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni we “Hyundai Engineering” kompaniýasy himiýa senagatynyň bar bolan desgalaryny döwrebaplaşdyrmakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini hem-de täze önümçilik kuwwatlyklaryny guramgyň geljegini maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu meselä “Türkmenhimiýa” DK-niň başlygy Döwrangeldi Sapbaýewiň “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň Türkmenistandaky edarasynyň baş direktory Ji Hwanga bilen bolan duşuşygynyň barşynda garaldy. 

Himiýa senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk we Türkmenistanyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemekde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Ekologiýa we daşky gurşawa zyýanly täsirleri peselmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. 

Baş direktor “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Ji Hwang bilelikdäki taslamalaryň ýurduň himiýa senagatynyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna we Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine şert döretjekdigine ynam bildirdi. 

2022