YÖB Türkmenistanda onkologiýa merkezleriniň gurluşygyna $156,3 million bölüp berer

BT
YÖB Türkmenistanda onkologiýa merkezleriniň gurluşygyna $156,3 million bölüp berer
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow we YÖB-niň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser, 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Waşington, ABŞ. (Surat: spa.gov.sа)

Yslam ösüş banky (YÖB) bilen Türkmenistanyň Hökümeti umumy bahasy 156,3 million ABŞ dollara barabar bolan üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen YÖB-niň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseriň arasynda degişli resminama gol çekildi.

Taslamanyň umumy bahasy 259 million dollara barabardyr. Täze lukmançylyk edaralary Balkanabat, Türkmenabat şäherlerinde we Mary welaýatynda ýerleşer. Bu edaralar 11 750-den gowrak näsaga ýokary hilli bejeriş hyzmatlaryny üpjün edip biler.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasy Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň her ýyl geçirilýän maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Onda “2024 – 2027-nji ýyllarda YÖB-e agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň” çäklerindäki özara gatnaşyklaryň täze gözýetimleri maslahatlaşyldy. YÖB energetika we saglygy goraýyş ýaly strategik ulgamlarda Türkmenistany işjeň goldamagyny dowam edýär.

2022