“Ak durna” süýji suw balyklarynyň 15 tonnalyk malýuskasyny ösdürmäge goýberdi

BT
“Ak durna” süýji suw balyklarynyň 15 tonnalyk malýuskasyny ösdürmäge goýberdi
Süýji suw balyklaryny ösdürip ýetişdirýän hojalyk (Surat: Vdvsp.ru)

Üstümizdäki Güýz paslynda “Ak durna” hususy kärhanasy süýji suw balyklarynyň 15 tonnalyk malýuskasyny Görogly etrabyndaky balyk ösdürip ýetişdirýän howdan hojalygyna goýberdi. Olar esasan sazan, tüňňimaňlaý we amur balyklarynyň kärhananyň häzirki zaman inkubatorlarynda ösdürilip ýetişdirilen malýuskalarydyr. Indi bu balyjaklar gözegçilikde saklanylýan emeli suw howdanynda ulalyp, agram toplarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. 

Balyklary senagat möçberinde tutmaga ýöriteleşen “Ak durna” kärhanasy harytlyk balyklary ösdürip ýetişdirmekde hem iş alyp barýar. Kärhana zerur bolan ähli desgalara, ýagny bäş sany döwrebap inkubatora, sekiz sany howuza, Şawat we Görogly etraplarynda iki sany howdan hojalygyna eýelik edýär. Kärhananyň geljekki meýilnamalarynda durmuşa geçirmek üçin ýylda 20 tonnadan gowrak zagara balyklaryny ösdürip ýetişdirmek wezipesi bar. 

“Ak durna” kärhanasynyň hünärmenleri balyklaryň kislorod bilen üpjünçiligine yzygiderli gözegçilik edýärler, iýmitlendirmek we keselleriň öňüni alyş işlerini alyp baryp, suw howdanlaryny hapalardan we gyrmançalardan arassalaýarlar. 

Birnäçe ýyl ozal, “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasynynyň hususylaşmagyndan dörän kärhanada mundan başga-da, balyklaryň senagat taýdan tutulmagy üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ýeterlik möçberi, şol sanda 29 sany motorly gaýyk bar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022