2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda haryt dolanyşygy $1,532 milliarda ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16 göterim köpdür. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok maglumat berdi.
Ilçiniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda özara söwdanyň umumy möçberi 2,6 milliard dollara barabar boldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
“Biziň pikirimizçe, döwlet Baştutanlarymyzyň ýolbaşçylygynda ýakyn geljekde söwda dolanyşygyny bäş milliard dollara ýetirmek barada öňde goýan umumy maksadymyza ýeteris” diýip, ilçi nygtady.
A.Demirok häzirki wagtda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda 4,4 milliard dollarlyk 19 taslamany durmuşa geçirýändiklerini belledi.