Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

BT
Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary gurlar
Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 8-nji marty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde dört sany dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Wise-premýeriň sözlerine görä, “Türkmennebit” döwlet konserniniň işgärleri üçin gurulmagy göz öňünde tutulýan jaýlaryň her birinde 40 öý ýerleşer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer zerur bolan resminamalary taýýarlamaga rugsat bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Türkmennebit” döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

2022