Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhana gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow täze önümhanany gurmak baradaky teklibi öňe sürdi.
Önümhana dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmäge gönükdiriler.
Taslamanyň çäklerinde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynda halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk duzunyň öndürilişinde zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ekologik taýdan arassa ýokary hilli duza bolan dünýädäki islegi kanagatlandyryp biljek döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça işleriň möhümdigini belläp, B.Annamämmedowa täze önümhananyň gurluşyk meseleleriniň üstünde jikme-jik iş alyp barmagy tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.