Ukrain kompaniýasy Aşgabatda metropoliten gurmagy teklip etdi

BT
Ukrain kompaniýasy Aşgabatda metropoliten gurmagy teklip etdi
Aşgabat, Türkmenistan

Ukrainanyň “CAI Interbudmontaž” kompaniýasy Aşgabadyň metropoliteniniň gurluşyk taslamasyny tanyşdyrdy. Ol geljekde türkmen paýtagtyny Arkadag “akylly” şäheri, Gökdepe we Änew şäherleri bilan baglanyşdyryp biler. Bu baradaky başlangyjy kompaniýanyň dolandyryjy direktory Wladimir Petruk “CIET 2024” maslahatynda mälim etdi.

“News Central Asia” neşiriniň duşenbe güni habar bermegine görä, bu başlangyjy we onuň tehnologiýa bölegini işläp taýýarlamak işine Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy, Ýaponiýanyň Metro birleşigi hem-de seýsmiki zolakda guruljak metronyň inženerçilik mümkinçiliklerine baha beren Germaniýanyň “K2” konsalting topary çekildi.

Muňa garamazdan, W.Petruk metropoliteniň gurluşygynyň bu babatdaky işe girişmekden başlap, tä aýratyn bölekleriň işe girizilmegine çenli uzak döwri – pesinden 10 ýyly alyp bilýandigini belledi.

Wladimir Petruk çykyşynyň ahyrynda “CAI Interbudmontaž” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, öz bilimlerini we serişdelerini ýurduň gurluşyk düzüminiň ösüşine we amatly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirmek isleýändigini nygtady.

Türkmenistanda 2001-nji ýyldan bäri işläp gelýän “CAI Interbudmontaž” kompaniýasy geçen döwürde birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirdi. Şolaryň arasynda Aşgabadyň eteginde we töwereklerinde zeý suwlary akdyrmak üçin kese ulgam bolan ýerasty kollektorlaryň gurluşygy hem bar. W.Petruk şäher häkimligi bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigini, ýakyn wagtda bolsa, degişli taslamany Gurtly-Köşi, Çoganly-Garadamak-Şor ýaşaýyş toplumlaryna çenli giňeltjek täze tapgyrlarynyň durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022