Türkmenistanda keramiki plitalaryň önümçiligi ýola goýlar

BT
Türkmenistanda keramiki plitalaryň önümçiligi ýola goýlar
“Bäherden” kärhanasynyň diwarlygy “CIET 2024” sergisinde, 2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki plitalary öndürýän täze “Bäherden” kärhanasyny işe girizmek boýunça işler tamamlanyp gelýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

Önümleriň ilkinji görnüşleri eýýäm “CIET 2024” halkara maslahatynda we sergisinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň pawilýonynda görkezildi. 

Italiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawod ýylda keramiki plitalaryň millionlarça inedördül metrini hem-de arassaçylyk keramiki serişdeleriň giň görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda kärhanada synag önümçiligi we enjamlary işe girizmek işleri alnyp barylýar. Munuň özi ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän plitalaryň önümçiligini ýurdumyzda ýola goýmaga şert döreder. 

Hünärmenleriň sözlerine görä, plitalaryň önümçiliginde esasan ýerli çig mallardan peýdalanylyp, buýrujynyň islegine görä dürli şekiller şöhlelendirilip bilner. Mysal üçin, önümleriň tejribe nusgalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygary we şekili bilen bezelipdir. 

“Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirilen taslama Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022