Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe günündäki söwdalaşyklarynda “KO-20” kysymly yşyklandyryş kerosini we “B” görnüşli karbamidi satyn almak barada geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDÇMB habar berýär.
Owganystanly telekeçi 496,75 müň ABŞ dollarlyk “KO-20” kysymly yşyklandyryş kerosiniň toplumyny satyn aldy, onuň ukrainaly kärdeşi bolsa bahasy 1,416 million ABŞ dollaryna barabar bolan “B” görnüşli karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Gyrgyzystanyň işewür toparynyň wekilleri 596,42 müň ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.