“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär

BT
“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär
“Ozon-yň” diwarlygy “Türkmentel-2024” sergisinde, 2024-nji ýylyň 14-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Russiýanyň “Ozon” elektron söwda platformasy Türkmenistanda satuwlaryny ýola goýmak boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri işjeň alyp barýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat-sekretary Kristina Topalowa Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisinde hem-de ylmy maslahatynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

K.Topalowanyň sözlerine görä, kompaniýa ýakyn wagtda täze bazarda öz hyzmatlaryny hödürlemäge başlamaga umyt bildirýär. “Ozon” GDA giňişliginde iň iri internet magazinleriň biri bolup, dürli ulgamlara degişli 370 milliondan gowrak harytlary hödürleýär” diýip, kompaniýanyň metbugat-sekretary aýtdy. 

Internet kitap magazini hökmünde 1998-nji ýylda döredilen “Ozon” elektronika, geýim-gejim, gözellik serişdeleriň, azyk we hojalyk harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän ählumumy marketpleýse öwrüldi. 

Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel-2024” forumy “Amazon Project Kuiper”, “SpaceX”, “Ozon Marketpleýs Kazakhstan”, “Dell Technologies”, “European Networks”, “Eastwind”, “Huawei” we “Samsung” ýaly dünýä derejesindäki öňdebaryjy kompaniýalary bir ýere jemledi. Sergi tejribe alyşmak, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, “5G” ulgamynyň ösdürilmegi ýaly möhüm ugurlary maslahatlaşmak üçin amatly meýdançany hödürleýär

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022