Günorta Koreýanyň “LS Cable & System Ltd” kompaniýasy telearagatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň wekili Deniel Kim 14 – 16-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2024” halkara sergisinde maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
D.Kimiň sözlerine görä, telearagatnaşyk pudagyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň giň gerimli meýilnamalary özüne çekijidir, Günorta Koreýanyň kompaniýasy bolsa şolary durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr.
Kompaniýa türkmen tarapy bilen ilkinji gepleşikleri geçirip başlady. Şu tapgyrda taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşýarlar.
“LS Cable & System” – bu Günorta Koreýada kabel önümçiligine ýöriteleşen, dünýäde şahamçalary bolan iri korporasiýadyr. Kompaniýa tok we telearagatnaşyk kabel geçirijileri, ulgamlary we modullary hem-de ugurdaş senagat harytlary öndürýän dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. “LS Cable & System” ýokary we has ýokary woltly aragatnaşyk ulgamlary taslamalaşdyrmak, abatlamak we ulanmaga bermek, şol sanda suwasty kabel geçiriji ulgamlaryň taslamalaryny ýerine ýetirmek babatda hyzmatlaryny hödürleýär.