“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy

BT
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
“Owadan Ülke” kompaniýasy “Food Week Uzbekistan 2024” atly sergide, 2024-nji ýylyň 5-7-nji noýabry, Daşkent, Özbegistan

Türkmenistanyň azyk öndüriji “Owadan Ülke” kompaniýasy 5 – 7-nji noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen “Food Week Uzbekistan 2024” atly halkara sergisine gatnaşdy. Bu barada USAID-iň Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy habar berýär.

Kompaniýanyň diwarlygynda maýonez, ketçup, mürepbe hem-de gaplanan gök we miwe önümleri görkezildi. Sergä gelenler adaty tagamlary häzirki zaman önümçilik ölçegleri bilen birleşdirýän önümler bilen tanyşdylar.

Serginiň çäklerinde “Owadan Ülkäniň” wekilleriniň Özbegistanyň, Gazagystanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen duşuşyklary boldy. Şeýle hem üpjün edijiler we bölek söwda torlary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça gepleşikler geçirildi.

Serginiň jemleri boýunça kompaniýa öz önümleriniň nusgalaryny geljegi uly hyzmatdaşlara ibermegi we söwda tekliplerini taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Önüm öndüriji alnan jogaplaryň esasynda marketing serişdelerini täzelemegi göz öňünde tutýar.

2016-njy ýylda esaslandyrylan “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti “NUR”, “Mylaýym”, “Hazyna”, “Esmo” söwda nyşanlary bilen önümlerini öndürýär. Kompaniýanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän zawody günde 20 tonna çenli maýonez we bir iş çalşykda 80 tonna çenli möwsümleýin gaplanan önümleri öndürmäge ukyplydyr.

Özbegistanyň paýtagynda geçirilen sergi iýmit pudagynda önüm öndürijileri, üpjün edijileri, satyjylary bir ýere jemledi. Ol ter we gaýtadan işlenilen önümler, içgiler, deňiz önümleri, enjamlar we tehnologiýalar ýaly önümleriň giň görnüşlerini özünde jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022