Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi nähili amala aşyrylýar

BT
Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi nähili amala aşyrylýar
Türkmenistanyň serhedinde ýükleriň barlanyşy

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 348-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi operatiw-agtaryş çäresi bolup durýar, onda operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň rugsady bilen we gözegçiligi astynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine, bu çäkden alnyp gidilmegine ýa-da bu çäkde getirilen harytlaryň ondan-oňa geçirilmegine ýol berilýär.

Harytlar gümrük serhedinden geçirilende gözegçilikli ibermek harytlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlaryň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, olara ýol bermezlik we olaryň üstüni açmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Harytlaryň gözegçilikli iberilmegi gümrük edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça amala aşyrylýar. Şeýle ylalaşylmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan we operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň esasynda ýa-da daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşyk boýunça Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi hakynda çözgüt kabul edilen halatynda Türkmenistanda jenaýat işi gozgalmaýar we harytlaryň gözegçilikli iberilmegini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysy kabul edilen çözgüt hakynda haýal etmän Türkmenistanyň Baş prokuroryny habardar edýär. 
 

Çeşme: Türkmenistanyň Gümrük kodeksi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022