Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy

BT
Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy
Türkmenistanda buýan kökünden taýýarlanylan dermanlyk serişdeler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Buýan” agrosenagat toplumyna girýän Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana täze önüm – glisirrizin turşusynyň önümçiligine girişdi. Uly islege eýe bolan bu önüm eksport we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Täze kärhana iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. “MION & MOSOLE” atly owradyjy enjam önümçiligiň ilkinji basgançagynda buýan köküni iki tapgyrda gaýtadan işläp, ergini almak üçin zerur bolan böleklere bölýär. Soňra üç bölümde ornaşdyrylan “DELLA TOFFOLA” atly 54 sany ergin alyjy enjam işjeň madda bolan glisirrizin turşusyny saýlap alýar.

Alnan ergin soňky tapgyrlarda guradylýar, un görnüşine gelýänçe owradylýar we 25 kilogramlyk çyg geçirmeýän haltalara gaplanylýar.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 4,5 müň tonna çig maly gaýtadan işlemekden ybaratdyr. Munuň özi 390 tonna çenli taýýar önümi öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçiligiň bu möçberi daşarky bazarlara çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Kärhanada önümiň hiline gözegçilik işi ýokary derejede guralandyr. Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň enjamlary ornaşdyrylan barlaghanalarda çig mal we taýýar önüm jikme-jik barlaglardan geçirilýär. Hünärmenler olarda işjeň maddalaryň düzümine, çyglylyk derejesine we goşundylaryň bardygyna ýa-da ýokdugyna baha berýärler. Bu çemeleşme önümleriň halkara ölçeglere laýyk gelýän durnukly hilini kepillendirýär.

Glisirrizin turşusy giňden peýdalanylýar. Ol derman senagatynda derman serişdeleri, kosmetologiýada derä ideg ediji kremler we serişdeler öndürilende tebigy düzüm hökmünde, azyk senagatynda bolsa tebigy tagam beriji we kadalaşdyryjy madda hökmünde peýdalanylýar. Türkmenistanda öndürilýän glisirrizin turşusy işjeň maddalaryň ýokary derejesine eýedir. Munuň özi onuň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022