Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy 4-6-njy dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek eksport harytlarynyň giň gerimli söwda sergisine gatnaşarlar. Bu barada Hökümetiň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nökerguly Atagulyýew Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde maglumat berdi.
Sergide senagat enjamlary we gurluşyk serişdelerinden başlap derman we dokma senagatynyň önümlerine çenli harytlaryň giň görnüşleri görkeziler. Guramaçylar logistika we hyzmatlar ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalara aýratyn orun bererler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sergi bilen ugurdaşlykda Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetini belläp, serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан