“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasy Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Bu resminama ýol gurluşygyny tehniki we maliýe taýdan goldamak meselelerinde taraplaryň hyzmatdaşygyny berkitmäge gönükdirilendir. Gol çekilen Ähtnama häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmekde möhüm bolan ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegi we ýokary tehnologiýa çözgütleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Taraplar iri gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary ylalaşdylar. Ýokary tizlikli ýol meýilnama laýyklykda, logistika işini kämilleşdirmek we sebit aragatnaşygyny berkitmek bilen Türkmenistanyň ulag düzüminde möhüm baglanyşdyryjy halka bolar.
Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň iki iri – Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçer. Ýoluň umumy uzynlygy, 35 kilometrlik baglanyşdyryjy ýollary goşanyňda 450 kilometre golaý bolar. Taslama laýyklykda, ýokary tizlikli ýoluň dört hereket zolagy, 27,5 metr giňligi we garşylykly ugurda ýol aýryty bolar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан