“Bir Kuwwat” türkmen kärhanasy awtoulaglardan çykýan zyňyndylaryň zyýanyny peseltmek üçin “AUS 32” görnüşli ekologiýa taýdan arassa himiki serişdäniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.
“BK Blue” haryt nyşanly täze önüm 26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” (ITTC-2024) atly halkara sergide tanyşdyryldy.
Kärhananyň direktorynyň orunbasary Maksat Nurberdiýew bu önüm bilen kompaniýanyň içerki bazaryň talaplaryny doly kanagatlandyrmagy, geljekde bolsa eksport etmegi maksat edinýändigini belledi.
Esasy önümden daşary, “Bir Kuwwat” hojalyk we senagat zerurlyklary üçin “BK Blue” atly mineralsyzlaşdyrylan suwuň hem-de awtoulag hereketlendirijileri üçin antifrizleriň önümçiligini hem ýola goýdy. Kärhana önümçilikde esasan ýerli çig mallardan we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalardan peýdalanýar.
Kompaniýanyň şeýle hem gaplary ikilenç ulanmak üçin ýörite programmany ornaşdyrmagy onuň tebigatdan rejeli peýdalanmak ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан