Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 16 milliard 407 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 14 milliard 536 million 052 müň 196 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 272 million 009,3 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 14 million 884,5 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 406 million 474,6 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 2 million 092,3 müň manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 175 million 491,9 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан