“Türkmengaz” we BOTAŞ türk kompaniýasy türkmen gazyny ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

BT
“Türkmengaz” we BOTAŞ türk kompaniýasy türkmen gazyny ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň BOTAŞ türk kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 6-njy dekabry

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy anna güni Aşgabat şäherinde Baş direktor Abdulwahit Fidaniniň ýolbaşçylygyndaky BOTAŞ türk kompaniýasynyň wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň barşynda türkmen gazyny Türkiýä ibermek meselelerine garaldy hem-de nebitgaz pudagynda gysga we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek möhüm meseleleriň biri boldy. Türk tarapy degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmakda goldawlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Munuň özi iberilýän ugurlary giňeltmäge we türkmen tebigy ýangyjynyň halkara bazarlardaky ornuny berkitmäge ýardam eder.

Duşuşykda iki ýurduň düzümleriniň arasynda geçirilýän yzygiderli gepleşikleriň bilelikdäki energetika taslamalary durmuşa geçirmekde we hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

BOTAŞ Türkiýäniň içinde we daşynda uglewodorod serişdeleri ibermäge we satmaga ýöriteleşen döwlet nebitgaz kompaniýasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022