BMG-niň Baş Assambleýasy 79-njy sessiýasynyň 2-nji dekabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamany” biragyzdan kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
R.Meredow hasabatynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge we dürli ulgamlarda halkara tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Degişli Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmegi bu başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýedigini we olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny tassyklaýar.
Raşid Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan daşary syýasatda gazanylan bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, Türkmenistanyň gülläp ösmegi, halkara abraýynyň berkidilmegi we türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu waka mynasybetli döwlet Baştutanyny gutlady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda kabul edilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.