Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.
Duşuşygyň dowamynda Natalýa German Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe salamyny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň maksatlaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň ygrarlydygyny nygtap, guramanyň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini aýratyn belläp, Türkmenistanyň degişli ugurlarda işjeň dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Natalýa Germanyň köp ýyllaryň dowamynda goşant goşandygyny hem belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň ýolbaşçysy Natalýa German şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanyldy.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56