Ahal welaýatynda nah ýüplük öndürýän täze kärhana açyldy

BT
Ahal welaýatynda nah ýüplük öndürýän täze kärhana açyldy
Ahal welaýatynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigindäki “Gök saraý” kärhanasy

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň eteginde Magtymguly adyndaky daýhan birleşikde nah ýüplük öndürmek bilen meşgullanýan “Gök saraý” atly täze hususy kärhananyň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, işewürlik jemgyýetleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Täze kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 müň tonna çenli çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Ol Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar. Kärhana dürli görnüşli nah ýüplügiň 4250 tonnasyny öndürer. Geljekde bu ýerde garylan süýüm ýüplüklerini ulanmagyň hasabyna önümleriň görnüşlerini giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ýaş telekeçiler we kärhananyň işgärleri Türkmenistanda hususy önümçiligi ösdürmek üçin döredilýän şertler hem-de telekeçilik başlangyçlaryna berýän ünsi we aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bu ýerde ýaşlar üçin 350 sany täze iş orunlary dörediler.

“Gök saraýyň” taslamasy hususy telekeçiligi goldamakda, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda we döwrebap önümçilikleri döretmekde durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysaly boldy.

2022