Özbegistandan konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Braziliýa barar

BT
Özbegistandan konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Braziliýa barar
Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ugry boýunça Daşkentden ugran konteýner otlusy, 2024-nji ýylyň 11-nji dekabry, (Surat: “Uzbekistan temir ýullari” paýdarlar jemgyýeti)

11-nji dekabrda Daşkent şäherinden iberilen konteýner otlusy täze halkara ulag ýolunyň möhüm bölegi bolan Türkmenistanyň üstünden geçer. Bu barada“Uzbekistan temir ýullari” paýdarlar jemgyýeti ýekşenbe güni habar berdi.

40 futluk 54 konteýnerden, her biri 28 tonnalyk karbamid ýükünden ybarat düzüm Özbegistanyň Birinji guryýer port terminalyndan ýola düşüp, Braziliýanyň Paranagua portuna ugrady.

Ulag ýoly Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýär. Bu ýoly deňiz arkaly dowam etmek üçin Gruziýanyň Poti portunda konteýnerler gämä ýükleniler. Ibermegiň umumy dowamlylygy 60-70 günden ybarat bolup, şonuň 20 güni gury ýerde, 45 güni hem deňizde geçýär.

Bu taslama himiýa önümleri eksport etmekde iş alyp barýan “Uzkimyoimpeks” kompaniýasynyň, ulaglaryň dürli görnüşleri üçin duralga bolup hyzmat edýän Birinji guryýer port terminalynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.

Awgust aýynda Özbegistan amerikan iýmit soýasynyň ilkinji täjirçilik tapgyryny almak bilen özüniň daşary söwda  gatnaşyklaryny has-da giňeltdi. Ibermek işi Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän ýol arkaly amala aşyryldy.

2022