Sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) başlygy Mergen Gurdow bilen Bilelikdäki türkmen-eýran söwda-senagat palatasynyň başlygy Ramazan Bahramini 2025-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisini guramak mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Sergini guramaklyga türkmen önümleriniň eýran bazaryndaky gerimini artdyrmakda we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim hökmünde garalýar. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.
Gurdow bilen Bahraminiň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki taslamalary ilerletmek meselelerine hem garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar öňe sürlen başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.
2024-nji ýylyň 16 – 18-nji dekabrynda Aşgabatda oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşedirilen sergisi we işewürlik maslahaty geçirildi.