Seýdiniň NGIZ-i 431,4 müň tonna çig maly gaýtadan işledi

BT
Seýdiniň NGIZ-i 431,4 müň tonna çig maly gaýtadan işledi
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtdan işleýän zawody

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda 431 müň 400 tonna çig maly gaýtadan işledi. Bu önümçilik meýilnamasyny 109,1 göterim derejede artygy bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
 
Jemi 375,7 müň tonnadan ybarat gaýtadan işlenilen önümiň 219 müň tonnasyny dürli oktan derejesindäki benzin düzdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,6 göterim ýokarydyr.
 
Degişli döwürde zawodda dizel ýangyjynyň 109,6 müň tonnasy, agyr wakuum gazoýlynyň 23,6 müň tonnasy hem-de ýol bitumynyň 19 müň tonnadan gowragy öndürildi.
 
Ýokary önümçilik görkezijiler zawodyň döwrebaplaşdyrylmagy we onda häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy.
 
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän Seýdiniň NGIZ-i Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biridir. 2015-nji ýylda zawodyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 37 müň 200 tonna ýol bitumyny öndürýän desga guruldy. 2017-nji ýylda SNGIZ-de şeýle hem ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna ýokary oktanly benzine deň bolan katalitiki riforming desgasy işe girizildi.  
 

2022