Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän Garabogazyň karbamid-ammiak zawody (Garabogazkarbamid) şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda 994 müň tonna golaý karbamid öndürdi. Munuň özi meýilleşdirilen möçberiň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Bu möçberden 75 müň tonna golaýy içerki bazara, 1 million 17 müň tonnasy hem daşary ýurtlara iberildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Bu görkezijiler garabogazly himiýaçylaryň 1 million 90 müň tonna deň bolan ýyllyk meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmäge ynamly gadam urýandyklaryny tassyklaýar.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary uglewodorod serişdelerden netijeli peýdalanmaga şertleri döredýär. Bu serişdeleriň gaýtadan işlenilmegi mineral dökünler, nebitgaz we himiýa önümler ýaly zerur harytlaryň öndürilmegini üpjün edýär. Bu bolsa ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.
2018-nji ýylyň sentýabrynda esaslandyrylan zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy