Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Serdar Muhammetdurdyýew Azerbaýjanda Matam güni diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda penşenbe güni bu ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Bu barada Azerbaýjanyň diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Daşary işler ministriniň orunbasary türkmen tarapynyň adyndan awiaheläkçilik zerarly Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisine gynanjyny beýan etdi.
S.Muhammetdurdyýew matam kitabynda ýazgy galdyryp, onda şu agyr pursatda azerbaýjan halkyna çuň gynanç we duýgudaşlyk bildirýändigini belledi.
25-nji dekabrda Gazagystanyň Aktau şäherinde Bakudan Grozna barýan “Embraer 190” ýolagçy uçary heläkçilige uçrap, onuň netijesinde birnäçe ýolagçy gurban boldy.
“Interfaks” agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, uçuş wagtynda uçarda 67 adam bolup, şonuň 42-si Azerbaýjanyň, 16-sy Russiýanyň, 6-sy Gazagystanyň, 3-si hem Gyrgyzystanyň raýatlarydyr.