Aşgabat şäherinde kuwwatlylygy ýylda 7 müň 500 tonna süýdi we 1 müň 500 tonna gury süýdi gaýtadan işleýän, halkara ölçeglere gabat gelýän täze süýt kombinaty gurlar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi degişli desganyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Degişli bäsleşigiň bildirişi “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bu baradaky bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde resmi çap edilenden soň, 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin tehniki ýumuşlary we arzanyň nusgasyny Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden alyp bolar.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61