«CGTN-rus»: Türkmenistanda hytaý önümleri nähili meşhurlyk gazanýar

BT
«CGTN-rus»: Türkmenistanda hytaý önümleri nähili meşhurlyk gazanýar
“Jetour” awtosalony, Sankt-Peterburg, Russiýa (Surat: Яндекс Карты)

«CGTN-rus» teleýaýlymy Aşgabatda hytaý önümleriniň barha artýan meşhurlygy, şeýle hem hytaý awtoulaglarynyň Türkmenistandaky ilkinji awtosalonynyň açylandygy barada telegepleşigi ýaýlyma berdi. Bu salon diňe bir dünýä derejesindäki awtoulaglary hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, satyn almak üçin amatly şertleri bilen hem alyjylary özüne çekýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Hytaý türkmen bazarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkidýär. Hytaý önümleri ozalkylardan hem has elýeterli edilýär. Özüne çekiji aýratynlyklary we yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, olar ýurduň awtoulag bazarynda öňdebaryjy orunlary eýelemäge ynamly çalyşýar.

“Soňky ýyllarda Hytaýyň awtoulag senagaty düýpli ösüşlere ýetdi. Biziň awtoulaglarymyz dünýäniň dizaýnerçilik studiýalary bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanylan döwrebap dizaýny hem-de multmediýa ulgamy, arka tarapy görkezýän kameralary, howpsuzlyk ulgamlary öz içine alýan baý toplumy bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtda hytaý awtoulaglarynyň bahalary hili we bahany sazlaşykly utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. 2025-nji ýylyň fewralyndan biz öz müşderilerimize 5 ýyla çenli möhlet bilen ýeňillikli karzyna bermäge girişeris” diýip, awtosalonyň wekili Mekan Gylyjow aýtdy.

Awtoulag bazary Hytaýda öndürilen harytlaryň Türkmenistanda meşhurlyk gazanýan ýeke-täk ulgamy däldir. Moda lybaslaryndan başlap, öňdebaryjy elektronika enjamlaryna çenli hytaý önümleri özleriniň köpdürlüligi we ýokary hili bilen ýerli alyjylaryň isleglerini yzygiderli eýeläp gelýär.

2024-nji ýylda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdasy 5,9 göterim ösüp, 85,58 milliard dollara ýetdi. Munuň özi sebitde hytaý önümlerine gyzyklanmalaryň barha artýandygyny tassyklaýar. Bu täze awtosalonyň açylmagy ýaly iri taslamalaryň döredilmeginde hem aýdyň görünýär.

Eleýeterli bahada täze awtoulag ýa-da moda lybaslary gözleýänler üçin bu awtosalon we dükan amatly söwdalaşyk şertleri hem-de ynamdar eltip berme hyzmaty bilen ýokary hilli önümlerini hödürleýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda ýokary derejeli “Voyah” hytaý brendiniň ilkinji awtosalonynyň açylyş we “Voyah Free” atly meşhur gibrid krossower ulagynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

2022