TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit önümleri uly islegden peýdalandy

BT
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit önümleri uly islegden peýdalandy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe günündäki söwdalaşyklarynda 12 million 832 müň manada deň bolan nebit galyndylaryny we “BND 60/90” görnüşli ýol nebit bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Şeýle hem ýerli telekeçiler umumy bahasy 14 müň 208 manada barabar bolan el halylaryny satyn aldylar.

Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 52 müň 438 ABŞ dollarlyk düz boýalan we žakkard sütükli dokma önümlerini, Gyrgyzystandan gelen işewür bolsa 100 müň 429 ABŞ dollarlyk boýalan mata satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 25 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar

 

2022