Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Bu taslama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendir.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak, 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meseleler maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.