Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Bu Karar Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Täze şäheriň binagärlik keşbini gözelleşdirmek we şähergurluşygyny ösdürmek Kararyň esasy maksady bolup durýar.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak, şol sanda elektrik, gaz üpjünçilik ulgamlaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meseleler maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.